1. Sargytlary eltip bermegiň şertleri
- Eger salgyňyz Aşgabat şäheriniň içinde bolsa, eden sargydyňyz şol günüň dowamynda eltip berilýär.
- Eger salgyňyz Aşgabat şäheriniň daşynda bolsa, eden sargydyňyz 2-3 günüň içinde eltip berilýär.
- Sargyt edeniňizden soňra islegiňizi ýene bir ýola anyklamak üçin size telefon edýäris. Diňe şondan soňra siziň sargydyňyzy kabul edýäris.
- Sargydyňyz bilen baglanşykly aýratyn belligiňiz bar bolsa, «bellik» bölüminde ýazyp görkezmegiňizi haýyş edýäris. Nusga: «Edilen sargydy sagat 18:00 dan soňra getirmegiňizi haýyş edýärin!»
- Eltip beriji kompaniýa edilen sargytlaryň känligine baglylykda sargydyň eltip bermeli wagtynda azda-kände üýtgeşiklik bolup bilýär.
2. Tölegiň şertleri
- Töleg işi sargydyňyz eltip berlenden soňra amala aşyrylýar.
3. Sargydy ýatyrmagyň we harydy yzyna gaýtaryp bermegiň şertleri
- Sargydy ýatyrmak üçin isleg kabul edilip, ýola çykmazyndan öňinçä bildirmegiňiz gerek.
- Eltip berlen haryda şikes ýeten bolsa ýa-da harydyň sany kem çyksa, 24 sagadyň dowamynda biziň bilen habarlaşyp, bildirmegiňiz gerek.
- Kitaplaryň zaýalanmagyna (ýyrtylmak, ýygrylmak, öl bolmak) ulanyjynyň özi sebäp bolan ýagdaýynda haryt yzyna gaýtarylyp alynmaýar.
- Eger haryt ýola çykandan soňra zaýalanan bolsa yzyna gaýtarmak ýa-da sargydy ýatyrmak islän ýagdaýyňyzda goşmaça töleg alynmaýar.
- Sargydyňyz hiç hili kemçiliksiz görnüşde eltip berlenden soňra, sargydy ýatyrmak islän ýagdaýyňyzda edilen ýol çykdajylaryň tölegi sizden alynýar.